Nintendo we Illumination indiki ýylda ýazynda Mario baradaky multfilmiň dowamyny çykarar

  • 17.05.2025 08:25
  • 1.4k+

Marionyň başdangeçirmeleri baradaky täze animasion film 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykar. Illumination we Nintendo studiýalary Super Mario World adyny alyp biljek täze taslamanyň üstünde işleýär diýip, NBC habar berýär.

Taslama barada NBCUniversal Upfront 2025–2026 tanyşdyrylyşynda belli boldy. Universal Pictures Super Mario World taslamasyny geljekki relizleriň sanawyna goşdy. Multfilmiň ady heniz resmi taýdan tassyklanmasa-da, ol ozal Toada ses beren Kigen-Maýkl Kiniň Mario älemini giňeltmek konsepsiýasy baradaky aýdanlaryna gabat gelýär. Ol filmiň dowamynyň göwrümli boljakdygyny aýdypdy. Sýužetde tanyş gahrymanlaryň, şeýle-de Kömelek şalygynyň dünýäsinde täze ýerleriň we başdangeçirmeleriň bolmagyna garaşylýar.
Täze multfilmi döretmek işine prodýuserler Kris Meledandri we Sigeru Miýamoto, režissýorlar Aaron Gorat we Maýkl Jelenik hem-de ssenariçi Mettýu Fogel gaýdyp geldi.
Döredijiler birinji filmiň däplerini dowam etdirjek ýiti we gyzykly wakany wada berýär.
2023-nji ýylda çykan “Doganlar Super Mario kinoda” multfilmi dünýä prokatynda 1,3 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnady. Ol iň girdejili oýun ekranlaşdyrmasy boldy we taryhda iň üstünlikli animasion filmleriň arasynda üçünji orny eýeledi. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......