Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi

  • 16.05.2025 16:38
  • 5.9k+

Abu-Dabide Ýakyn Gündogarda ilkinji Disney dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy. Bu waka mynasybetli Dubaýyň Lumasky kompaniýasy 9000 dronyň gatnaşmagy bilen uly yşyk şüweleňini geçirdi.

Gijeki asmanda dronlar Zoluşkanyň galasyny we Disney dünýäsinden beýleki obrazlary şekillendirdi. Her enjam örän ýagty yşyk diodlary bilen enjamlaşdyryldy we ägirt üç ölçegli ekranda piksel ýaly hereket etdi. Umuman alanyňda, dronlar 4 milliarddan gowrak reňk utgaşmasyny görkezdi.
Şüweleň sebitde iň ulusy boldy. Oňa Disney-iň suratkeşleri we horeograflary goldaw berdi. Her bir drony takyk ýerleşdirmek üçin GPS we RTK tehnologiýalary ulanyldy. Bu hem birnäçe santimetre çenli takyklyga ýetmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, sähel gijikdirmeleri hem aradan aýyrýan sinhronlaşdyrma ulgamy ulanyldy. Dronlaryň bir bölegi asmana feýerwerk goýberdi.
Lumasky enjamlary ýörite çykyşlar üçin niýetlenendir. Ýeňil korpusynyň we kuwwatly prosessorynyň netijesinde olar çylşyrymly şekilleri emele getirýär. Ähli sahnalar ilkibaşda 3D görnüşinde modelirlendi. Şüweleňiň üstünde Disney Imagineers – animasiýa we sahna goýmak boýunça hünärmenler hem işledi.
Disney-iň täze tematiki seýilgähi dünýäde ýedinji we Ýakyn Gündogarda ilkinji boldy. Onuň açylyşy BAE-niň medeni syýahatçylygy ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir.
Bu şüweleň eýýäm Olimpiadalardan başlap, Pariž Disneýlendindäki şüweleňe çenli iň gowy dünýä taslamalary bilen deňeşdirilýär. 


06.06.2026 20:43
3.6k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

20.05.2026 10:06
2.2k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......