Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady

  • 16.05.2025 10:57
  • 3.1k+

16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi.

Rotten Tomatoes saýtynda filmiň reýtingi 92%-e, Metacritic-de bolsa 100-den 74 bala ýetdi. Bu görkezijiler hem franşizanyň öňki filmleriniň netijesinden ýokary boldy.
Sýužet boýunça talyp gyz Stefani (Keýtlin Santa Huana) öz maşgalasyndaky ölüm zynjyryny üzmek üçin dogduk şäherine dolanýar.
Morg işgäri Uilýam Blauortyň keşbine Toni Todd gaýdyp geldi. Onuň personažy “Ahyrky nokadyň” doly manysynda nyşanyna öwrüldi. Bu aktýoryň ekranda iň soňky çykyşy boldy, ol 2024-nji ýylyň noýabrynda aradan çykdy, film hem onuň hatyrasyna bagyşlandy.
The Hollywood Reporter-iň synyna görä, filmdäki ölümler “şeýle bir ussatlyk bilen gurnalypdyr welin, deslapky görkezişde tomaşaçylar olaryň her birine wokal-tans çykyşy ýaly el çarpdy”.

“Duşda typandygyňy ýa-da awtobusyň aşagyna düşendigiňi göz öňüne getirmek aňsat. “Ahyrky nokat” seriýasynyň filmleri bu adaty howsalalary güýçlendirýär we olary çäksiz derejä ýetirýär, netijede siz özüňi ýitirmek ýagdaýyna düşýärsiňiz” – diýip, tankytçy Frenk Şek belleýär.

Filmiň režissýorlary Zak Lipowski we Adam B.Steýn boldy, olar “Özgeler” serialy bilen tanalýar.
2000-nji ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda çykan “Ahyrky nokat” franşizasy dünýä prokatynda jemi 657 mln dollar ýygnady.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......