“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder

  • 15.05.2025 22:07
  • 5.3k+

Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär.

Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar. Marko Ramires (“Goragçylar”, “Garadangaýtmaz”) taslamanyň şourannerligine bellendi. Aktýor Maýkl B. Jordan serialyň prodýuseri bolup çykyş eder.
Çykjak senesi we aktýorlar düzümi barada entek maglumat ýok.
“Krid” franşizasy Silwester Stallonyň oýnamagyndaky “Rokki” kult serialynyň dowamydyr. Krid baradaky ilkinji film 2015-nji ýylda surata düşürilipdi, onuň yzyndan iki sikweli surata düşürildi. Trilogiýa dünýäde 663 million dollar gazandy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylda MGM studiýasy “Rokki” älemini giňeltjek, Dolf Lundgreniň baş keşbi janlandyrmagynda “Dragonyň" doly göwrümli şahasyny  döredip başlady.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......