Guterriş BMG-niň býujetini we ştatyny azaltmagy meýilleşdirýär

  • 15.05.2025 21:18
  • 3.8k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň býujetiň we işgärleriň sanyny azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.  

“Bu howply döwür, ýöne şol bir wagtyň özünde uly mümkinçilikleriň we borçlaryň döwri. Birleşen Milletler Guramasynyň missiýasy öňküsinden has möhüm” – diýip, Guterriş aýtdy.

Ol durnuksyzlyk şertlerinde guramanyň işine täzeden garamagyň zerurdygyny belledi. Maksat BMG-ni has netijeli we çeýe etmekden ybarat.
Bu babatda gözden geçirilýän teklipleriň arasynda Syýasy meseleler we parahatçylygy gurmak departamentini Parahatçylygy saklamak boýunça amallar departamenti bilen birleşdirmek bar. Şeýle-de, käbir bölümleri Nýu-Ýorkdan we Ženewadan az çykdajyly şäherlere geçirmek mümkinçiligine seredilýär.
Baş sekretar BMG-niň apparatynyň häzirki göwrüminiň ýurtlaryň, aýratynam, wekiliýeti kiçi we serişdeleri az bolan ýurtlaryň mümkinçiliginden uludygyny aýtdy. Bu BMG ulgamynyň özüne-de degişlidir.

“Biz formalizme we hasabatlaryň hem ýygnaklaryň sanyna asyl maksada öwrülmäge ýol beren ýaly. Üstünligiň ölçegi biziň döredýän hasabatlarymyzyň möçberi ýa-da geçirýän ýygnaklarymyzyň sany däl. Üstünligiň ölçegi – biziň işimiziň gymmaty, maksady we wezipesi biziň adamlaryň durmuşyna girizýän hakyky özgerişlerimizde jemlenýär” – diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi.

Üýtgeşmeleri durmuşa geçirmek üçin BMG-niň agza döwletleriniň tassyklamagy gerek.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......