“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda ýekeje gol geçirdip, Italiýanyň Kubogyny aldy

  • 15.05.2025 21:23
  • 8.1k+

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda diňe bir gol geçirdip, Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Finalda boloniýalylar “Milany” 1:0 hasabynda utdy.

“Bolonýa” şu möwsümiň Kubok ýaryşynda ýeke-täk topy ýarym final tapgyrynyň “Empoli” bilen jogap oýnunda (2:1) sypdyrdy – goly ýarymgoragçy Wiktor Kowalenko geçirdi. Iki oýundan ybarat gapma-garşylyk “Bolonýanyň” 5:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
Geçen tapgyrlarda Winçenso Italýanonyň topary “Atalantany” (1:0) we “Monsany” (4:0) utdy.
Pazzi di Fanta bilen söhbetdeşlikde Italýano toparyň gowy möwsümi geçirendigini we ähli güýjüni meýdançada galdyrandygyny belledi.
“Bolonýa” üçin bu Italiýanyň Kubogynyň taryhynda üçünji we 1973/74 möwsüminden bäri ilkinji boldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, A Seriýada “Bolonýanyň” we “Milanyň” netijeleri gowy däl – möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda toparyň ikisi-de ýewrokubok zolagynyň daşynda, şonuň üçin Kubokdaky ýeňiş Ýewropa ligasyna ýollanma almak üçin mümkinçilik boldy. “Bolonýa” 62 utuk bilen 7-nji, “Milan” bolsa 60 utuk bilen 8-nji orny eýeleýär.


20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 09:54
1.9k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

27.05.2026 18:20
7.3k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....