iPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar

  • 15.05.2025 21:29
  • 2.2k+

Apple kompaniýasy Synchron neýrotehnologiýa startapy bilen bilelikde iPhone, iPad we beýleki gurluşlary pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän “beýni-kompýuter” (BCI) interfeýsini işläp taýýarlaýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berdi.

Bu tehnologiýa Synchron tarapyndan döredilen Stentrode implantyna esaslanýar. Stentrode boýun wenasy arkaly beýniniň hereketlendiriji böleginiň gapdalyndaky damarda oturdylýar. Gurluşda hereket bilen bagly signallary tutýan 16 elektrod bar. Bu signallar tehnikany dolandyrmak üçin buýruklara öwrülýär. Implant beýnä hirurgiýa gatyşygyny talap etmeýär.
Tehnologiýa, ilkinji nobatda, agyr hereket bozulmalary bolan adamlar, şol sanda amiotrofik gapdal sklerozly hassalar üçin niýetlenýär.
2019-njy ýyldan bäri Synchron şeýle gurluşlary on hassa oturtdy. Kompaniýa amerikan düzgünleşdirijisinden kliniki synaglary geçirmäge rugsat aldy. Hassalaryň biri – Pensilwaniýanyň amiotrofik gapdal sklerozly ýaşaýjysy eýýäm diňe pikiriň güýji bilen Apple Vision Pro-ny we beýleki gajetleri dolandyrýar.
Apple bu tehnologiýany eýýäm dolandyryşyň adaty däl usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýän Switch Control ulgamyna birleşdirmegi meýilleşdirýär.
Synchron-yň işläp taýýarlamasy Neuralink ýaly çözgütlerden tapawutlanýar. Neuralink N1 gurluşy gönüden-göni beýni dokumasyna oturdylýar we ol 1000-den gowrak elektrody öz içine alýar. Ol has takyk bolup, kursory üýtgetmäge we teksti girizmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, Synchron tehnologiýasyny oturtmak ýeňil, bu hem ony has elýeterli edýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...