Toyota ABŞ-daky täze paçlar sebäpli sagatda tas bir million dollar ýitirýär

  • 15.05.2025 00:13
  • 12k+

Toyota Motor ABŞ-nyň awtomobilleriň we awtoulag bölekleriniň importy üçin girizen 25% pajynyň esasy pidasy boldy. Ýapon wekilleriniň hasaplamalaryna görä, kompaniýa sagatda, takmynan, bir million dollar ýitirýär. Çäreler hereket edip başlany bäri, bary-ýogy iki aýyň içinde kompaniýanyň girdejisi 1,2 mlrd dollar azaldy diýip, The Sun habar berýär.

Toyota amerikan bazary üçin awtomobilleriň ýarysyndan gowragyny ABŞ-da ýygnasa-da, kompaniýa ýylda, takmynan, 1,2 mln ulagy, şol sanda Prius, 4Runner we Lexus modellerini bu bazara import etmegini dowam etdirýär. Bu hem ony täze paçlaryň öňünde gowşak edýär.
Deňeşdirmek üçin: General Motors ýyllyk girdeji çaklamasyny 5 mlrd dollar azaltdy, Ford 1,5 mlrd möçberde ýitgä garaşýar. Toyota-nyň önümçiligi Ýaponiýadan ABŞ-a çalt geçirmäge hem mümkinçiligi ýok. Amerikada iň ulusy bolan Jorjtaundaky (Kentukki ştaty) zawod eýýäm ahyrky güýjünde işleýär.
Prezident Donald Tramp aprel aýynda kompaniýany ABŞ-da daşary ýurtlardan getirilen awtomobilleri satandygy üçin tankytlady. Şol bir wagtyň özünde, Toyota 2020-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň ykdysadyýetine 20 mlrd dollardan gowrak maýa goýdy.
Beýleki ýapon awtoöndürijileri hem logistikasyna täzeden seredýär. Nissan SUV-yň Meksikadan ABŞ-a iberilmegini togtatdy. Honda gibrid önümçiligini Amerika geçirýär. Mazda hem Kanada eksportyny azaltdy.
Kynçylyklara garamazdan, Toyota Ýaponiýadaky önümçiligini saklaýar: ol ýerde 2024-nji ýylda 3,1 mln awtomobil çykaryldy – bu umumy möçberiň üçden biridir.
Fewral aýynda ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler başlandy. Toyota-nyň baş direktory Kodzi Satonyň aýtmagyna görä, ýagdaý näbelli bolup galýar. Muňa garamazdan, ýapon tarapynyň wekilleri maý aýyndaky nobatdaky gepleşiklerden soň, iýun aýynda ylalaşyk gazanmaga umyt bildirdi.


21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......