Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar

  • 14.05.2025 15:48
  • 2.9k+

Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär.

Google 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek nyşanyny täzeledi. Esasy element öňküsi ýaly «G» harpy bolup galdy, ýöne korporatiw reňkler, ýagny gyzyl, sary, ýaşyl we gök indi biri-birine geçýän gradient görnüşde ýerleşýär. Reňkleriň arasynda öňki ýaly aýdyň araçäk ýok. Täze stil nyşany Google-yň emeli aňly Gemini çat-botynyň dizaýnyna has-da ýakynlaşdyrýar.
Täzelenen nyşan eýýämden iPhone üçin niýetlenen Google ykjam goşundysynda elýeterli. Ol soň kompaniýanyň beýleki hyzmatlarynda hem peýda bolar.
On ýyl ozalky täzelenmede, Google setir «g» harpyny baş «G» harpyna çalşypdy.

Amazon bolsa nyşanyny soňky 20 ýylda ilkinji gezek täzeledi. Ok görnüşli ýylgyryş has giňeldi, şrift bolsa kompaniýanyň bellemegine görä, has «häzirki zaman we dostlukly» görnüşe geçirildi. Amazon-yň habar bermegine görä, täzelenen görnüşiň üstünde bir ýarym ýyl işlenilipdir.


03.06.2026 18:12
6.6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....