IBM we Google garrylyga garşy göreş üçin kwant tehnologiýalaryny hödürlediler

  • 14.05.2025 16:12
  • 4.4k+

Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen konferensiýada IBM we Google kompaniýalary derman serişdeleriniň işlenip düzülişini çaltlandyryp biljek we garramagyň mehanizmleriniň öwrenilmegine ýardam berip biljek kwant tehnologiýalaryny hödürlediler.

Kompaniýalaryň ikisi hem eýýäm kwant kompýuterlerini molekulalaryň modelirlenmegi we beloklaryň özara täsiriniň seljerilmegi üçin ulanýarlar. Olaryň pikirine görä, bu garramaga degişli keselleriň bejergisinde täze usullara ýol açýar.
IBM 433 kubitden ybarat kwant ulgamyny görkezdi, bu ulgam farmasewtika bilen baglanyşykly meselelerde ulanylyp bilner. Google bolsa öýjükleriň garramak prosesini seljerýän algoritmi hödürledi.
Kwant kompýuterleri biologiki maglumatlary işläp bilýär, sebäbi kubitleriň superpozisiýa ýagdaýynda bolmak ukyby bar. Bu bolsa DNK-ny, beloklary we himiki reaksiýalary atom derejesinde modelirlemäge mümkinçilik berýär.
Işläp düzüjiler bu tehnologiýalaryň ölümi ýeňip biljekdigini öňe sürmeseler-de, kwant hasaplamalarynyň adamlaryň işjeň we sagdyn ömrüni uzaltmaga uly goşant goşjakdygyna ynanýarlar.
Alymlar öňümizdäki 10-20 ýylyň dowamynda, kwant modelleriniň kömegi bilen döredilen şahsylaşdyrylan bejergi usullarynyň peýda bolmagyna garaşýarlar.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
877

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...