Dünýä boýunça ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-i ylmy taýdan öwrenilipdir

  • 14.05.2025 16:04
  • 5.5k+

Amerikaly alymlaryň geçiren täze barlagy çuň suwly ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-iniň wizual görüş arkaly öwrenilendigini görkezdi. Bu Belgiýanyň tutýan meýdanyndan takmynan on esse kiçi diýmegi aňladýar.

Derňew 1958-nji ýyldan bäri 43 000-den gowrak ummana çuň çümmek bilen geçirilen işleriň maglumatlaryna esaslandy. Barlagçylaryň gelen netijesi - dünýä ummanynyň düýbüniň aglaba bölegi entek öwrenilmän ýatyr. Munuňam sebäbi, ummanyň ortaça çuňlugy, takmynan, 3,7 kilometre barabar we şeýle çuňluga diňe çäkli mukdardaky ýöriteleşen apparatlar çümüp bilýär.
Häzirki wagtda ummanyň düýbüniň 26% töweregi kartalaşdyryldy, ýöne hünärmenler maglumatlaryň esasan sanly modelleşdirmä esaslanýandygyny aýdýarlar. Ummany öwreniji Sýuzan Poulton muny Amazon jeňňelliklerindäki ýaşaýşy, sebite özüň baryp görmezden, emeli hemralardan alnan suratlar we DNK nusgalaryny öwrenmek arkaly  düşünmäge synanyşmak bilen deňeşdirdi.
Şeýle hem alymlar ummanyň planetadaky iň uly we iň möhüm biom bolup biljekdigini bellediler. Ummanlarda, mikroblary hasaba almanyňda, 700 000-den başlap 1 milliona çenli janly-jandarlaryň ýaşaýandygy çak edilýär. Olaryň takmynan üçden iki bölegi henizem ylym tarapyndan beýan edilmedi.
Umman çuňluklaryndaky barlaglaryň köpüsi üç ýurt: ABŞ, Ýaponiýa we Täze Zelandiýa tarapyndan amala aşyrylýar. Alymlar ummany doly öwrenmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň we uzak wagtyň gerekdigini nygtaýarlar.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......