ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy

  • 14.05.2025 14:41
  • 5k+

Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli. Teodor ony heniz pişijek wagty halas edýär: Oskaryň dirofilýarioz keseli bardy, ýöne eýesiniň kömegi bilen ol sagalyp, “owadanlygy ýaly, çydamlydygyny” hem subut etdi. Mähirli maşgalada Oskar “sagdyn we bezzat pişige” öwrüldi.
Bir gezek ol ikinji gatyň penjiresinden bökdi, ýöne hiç hili şikes almady. Şondan bäri Oskarda bökmäge söýgi dörän bolsa gerek. Öz pişiginiň başarnygyny görenden soň, Teodor ony türgenleşdirip başlady. Ilkibaşda pişik uly bolmadyk aralyklara bökýärdi, hojaýyny bolsa ony dürli tagamlar bilen höweslendirýärdi.
Bu türgenleşige iki ýyl we müňden gowrak synanyşyk gerek boldy. Netijede, Oskar dünýä rekordyny täzelemegi başardy.
Teodor Oskaryň maşgalada ýeke-täk zehinli pişik däldigini aýdýar. Awgusta Reý atly pişige hem sýorfing öwredildi we indi ol dürli ýaryşlara gatnaşýar.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....