iOS 18.5 täzelenmesiniň üsti bilen iPhone 13 ABŞ-da hemra aragatnaşygyna eýe boldy

  • 14.05.2025 14:46
  • 3k+

Apple iOS 18.5 täzelenmesini çykardy. Esasy täzelikleriň biri iPhone 13, şol sanda mini, Pro we Pro Max wersiýalary üçin habarnamalary hemra arkaly ibermek mümkinçiligi boldy.

Hyzmat Starlink tehnologiýasynyň esasynda T-Mobile operatory tarapyndan üpjün edilýär. The Verge-iň habar bermegine görä, ol ABŞ-da elýeterli we iýul aýynda synag döwri tamamlanýança mugt işleýär.
Ýöne Apple gürrüňiň üçünji tarap hemra funksiýalary barada gidýändigini belleýär, ýagny kompaniýanyň bu hyzmat bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Kompaniýanyň hemra arkaly öz hyzmatlary, mysal üçin, “Gyssagy jaň – SOS” diňe iPhone 14 we has täze modeller üçin elýeterli bolup galýar.
Hemra aragatnaşygyndan başga-da, iOS 18.5 beýleki täzelikleri öz içine alýar. Ulgamda eger çaga “Ekran wagtyna” (Screen Time) girmek üçin parol ulansa, ene-atalara duýdurýan funksiýa peýda boldy. Şeýle-de, indi beýleki gurluşlarda Apple TV görlende kontent satyn almak üçin “iPhone arkaly satyn almak” aýratynlygyndan peýdalanyp bolýar. Bu göni iPhone-dan tölemäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, täzelenme Apple Vision Pro programmasynyň gara ekrany görkezmegine sebäp bolýan näsazlygy düzedýär.
Apple iOS 18.5 bilen bir hatarda macOS Sequoia 15.5 we watchOS 11.5 täzelenmelerini çykardy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...