Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektrokar boldy: ýapon brendleri bu ugurda yza galýar

  • 14.05.2025 11:08
  • 2.9k+

Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy boldy. Baha taýdan has durnukly modelleriň ilkinji onlugynda ýekeje-de Toyota ýok.

Ozal ýapon brendleriniň awtomobilleri, aýratynam, Toyota bahasyny haýal ýitirýär we gaýtadan satmak üçin hem uly ýitgisiz hasap edilýärdi. Ýöne elektromobil pudagynda olar hytaý brendlerinden yza galýar.
Hytaýyň awtodilerler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, bir ýylda Xiaomi SU7 öz bahasynyň bary-ýogy 11,3%-ini ýitirýär. Bu hödürlenen ähli modelleriň arasynda iň gowy görkezijidir. Reýtingde ulanylan elektromobiller baradaky maglumatlar göz öňünde tutuldy.
Xiaomi-niň resmi saýtynda görkezilişi ýaly, SU7 üçin garaşmagyň möhleti 37 hepdä, esasy wersiýa üçin bolsa – 43-46 hepdä ýetýär. Şeýlelikde, alyjylar awtomobillerini 2026-njy ýylyň ýazyndan ir almaz.
Liderleriň üçlügine Huawei we Seres-den Aito M9 hytaý elektromobilleri, şeýle-de Li Auto MEGA miniweni girdi. Olar, degişlilikde, bahalarynyň 85,2%-ini we 79,3%-ini saklaýar.
Reýtingdäki ähli modeller soňky bir-iki ýylda çykarylan elektromobillerdir.
Hytaýyň awtodilerler assosiasiýasy awtomobiliň bahasyny saklamagynyň brendiň güýjüni – önüminiň hilini, onuň abraýyny görkezýändigini belleýär. Bu diňe bir ulanylan ulagy satyn almakda görkeziji däl-de, eýsem täze elektrokar satyn almakda ugrukdyryjydyr. 


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....