Prime Video Nikolas Keýj bilen “Möý adam: Nuar” serialynyň ilkinji tizerini görkezdi

  • 13.05.2025 19:28
  • 3.3k+

Prime Video akym hyzmaty “Möý adam: Nuar” (Человек-паук: Нуар) serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Serialda baş keşbi ozal “Möý adam: Älemiň üsti bilen” (Человек-паук: Через вселенные) multfilminde bu gahrymana ses beren Nikolas Keýj ýerine ýetirdi.

Serialyň wakasy 1930-njy ýyllarda Nýu-Ýorkda bolup geçýär. Baş gahryman, Nuar lakamly hususy aňtawçy jenaýat bilen göreşýär.
Şeýle-de, bu taslama aktýorlar Lamorn Morris, Brendan Glison we Jek Hýuston gatnaşdy. Birnäçe bölümiň režissýory bolup “Flibeg” serialy bilen tanalýan Garri Bredbir çykyş etdi. Şourannerler Oren Uzil (Jamp Strit, 21 / Мачо и ботан) we Stiw Laýtfut (“Jezalandyryjy” / Каратель) boldy. Prodýuserlik bilen Fil Lord, Kristofer Miller we Emi Paskal meşgullanýar.
Serialyň premýerasy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Tomaşaçylar oňa Prime Video platformasynda iki görnüşde: gara-ak we reňkli görnüşlerde tomaşa edip biler.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......