Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi

  • 13.05.2025 14:16
  • 3.4k+

Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir.

Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi. Aýdym ýörite şu maksat üçin işlenip taýýarlanan Archaeo platformasy arkaly döredildi.
ILĀ çäkli sesler toplumyny saýlap, esasy aýdym-saz heňini berdi. Neýroulgam bolsa studiýadaky kömekçi ýaly deprek, bas we sintezator wariantlaryny hödürledi. Ýöne ahyrky çözgüdi EA däl-de, artist kabul etdi.
Taslamanyň tehniki böleginde kwant tehnologiýasy ulanyldy. Ol adaty EA-nyň görüp bilmeýän inçe aýdym-saz baglanyşyklaryny tapýar. Bu hem aýdym-sazy has janly, göwrümli we gulaga ýakymly edýär. Kwant tehnologiýasy nemes kompaniýasy IQM tarapyndan üpjün edildi.
Recurse janly kompozisiýa bolup, göni ýaýlymda ýaňlanýar we hemişe üýtgeýär. Ol daşky gurşawdaky üýtgeşmelere täsirlenip, her gezek dürlüçe ýaňlanýar. Döredijileriň aýtmagyna görä, bu ýönekeý bir aýdym bolman, eýsem awtor we diňleýji bilen bilelikde hereket edýän janly prosesdir.
Taslama tehnologiýalaryň adamlaryň ornuny çalyşman, olara nähili kömek edip bilýändigini görkezýär. ILĀ ulgamy studiýadaky gural – sintezator ýa-da effekt hökmünde ulandy.
Bu işe aýdym-sazda EA gözlegi bilen meşgullanýan kompozitor Eduardo Rek Miranda gatnaşdy. Ol platformany hem sazandalar, hem işläp düzüjiler üçin düşnükli etmäge kömek etdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......