Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy

  • 13.05.2025 12:24
  • 4.5k+

Dünýä belli suratkeşleriň, moda we aýakgap brendleriniň gatnaşmagynda geçirilen Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy diýip, «WWD» habar berýär.

Karla Otto-nyň maglumatlaryna görä, bu çäre EMV hasabynda, ýagny sosial torlardaky täsirleriň (synlar we organiki gözleg netijeleri ýaly) dollar ekwiwalenti boýunça, 26,1 million dollar girdeji getirdi. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende 24% ýokarydyr. Şol mukdaryň 56%-ni 14,5 million dollarlyk 48 feýşn-aktiwasiýasy emele getirdi.
Salone del Mobile sergisiniň resmi hasaby 8,1 million dollarlyk, Fuorisalone bolsa 5,6 million dollarlyk EMV gazandy. Alcova we Capsule Plaza ýaly täze taslamalarda bolsa görkezijiler biraz peseldi. Loro Piana bilen milanly Dimoremilano dizaýn studiýasynyň ilkinji hyzmatdaşlygy 741 müň dollarlyk EMV getirdi.
Formafantasma studiýasy Prada Frames simpoziumy we Cassina üçin ýerine ýetiren çykyşy bilen öňe saýlandy. Vans brendi bolsa, Willo Perron tarapyndan döredilen «Checkered Future: Frequency Manifest» atly installýasiýasy bilen 997 müň dollarlyk EMV gazandy.
Milanyň dizaýn hepdeligi 7-13-nji aprel aralygynda geçirildi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....