Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy

  • 13.05.2025 10:58
  • 3.2k+

Black Hat Asia 2025 konferensiýasynda PCAutomotive kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň Nissan Leaf elektrik ulagynda howply gowşaklygyň bardygyny habar berdiler. Mesele multimediýa ulgamynyň Bluetooth moduly bilen baglanyşykly diýip, SPEEDME neşiri ýazýar.

Hünärmenler internet arkaly ulagyň funksiýalaryny uzakdan dolandyrmagyň mümkindigini görkezdiler. Olar aýna süpürgiçleri, penjireleri, mikrofony, GPS-y, şeýle hem awtoulagyň yşarat berijisini dolandyrmagy başardylar.
Iň howply ýeri, awtoulag hereketdekä ruly öwrüp bilmekdir. Görkeziş wagtynda  topar awtoulagyň ugruny içinden däl-de, uzakdan dolandyrýardy. Emma tormoz we gaz ulgamlarynyň işine gapdaldan gatyşmak başartmady.
Gowşaklyk 2023-nji ýylda ýüze çykarylypdy, şonda maglumatlar öndürijä gowşurylypdy. Nissan-yň wekilleri hasabaty alandyklaryny tassykladylar, ýöne howpuň düzedilendigini-düzedilmändigini ýa-da zerur täzelenmäniň çykarylandygyny-çykarylmandygyny takyk aýtmadylar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....