“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi

  • 12.05.2025 22:58
  • 6.9k+

"Minecraft kinoda" (“Minecraft в кино”) filmi 13-nji maýda onlaýn ýagdaýda görkeziler. Bu barada Warner Bros studiýasyna salgylanýan WhenToStream portaly habar berdi.

Filmiň sýužeti hyýaly inedördül dünýä düşýän dört gahrymanyň töwereginde ýaýbaňýar. Öýlerine dolanyp barmak üçin olar Stiw atly ussat bilen jadyly başdan geçirmeleriň içinden geçmeli bolýarlar.
Filmde Jeýson Momoa, Jek Blek, Jennifer Kulij, Daniel Bruks, Emma Maýers we başgalar surata düşdüler. Filmiň režissýory Jared Hess.
Film aprel aýynyň başynda dünýäde ýaýradyldy. Altynjy dynç günlerinde film ýene 8 million gazanyp, kassa ýygymynda üçünji orny eýeledi. Jemi ýygym eýýäm 909 million dollardan geçdi.
Meşhur wideo oýnuň ekranlaşdyrylan görnüşi soňky ýyllarda kassa ýygymlary boýunça marweliň super gahrymanly filmleriniň köpüsinden öňe geçip, şowly boldy. Şeýle-de bolsa, “Minecraft” başga bir wideo oýnuň ekranlaşdyrylan görnüşiniň - 2023-nji ýylda 1,4 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan meşhur “Doganlar Super Mario kinoda” (“Братья Супер Марио в кино”) animasiýa filminiň derejesine ýetip bilmedi.
Kassa ýygymy boýunça häzir “Gök gürrüldedijiler” (“Громовержцы”) öňde barýar, onuň umumy kassa ýygymy 272 million dollardan geçýär. Raýan Kugleriň “Günälileri” (“Грешники”) hem 200 million dollar gazanyp, ilkinji üçlige girdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......