Bad Bunny-nyň konsert syýahatyna petek almak üçin 300 müň adam nobata durdy

  • 12.05.2025 16:42
  • 5k+

Puertorikoly repçi Bad Bunny-nyň Ýewropa boýunça konsert syýahaty üçin petek satuwy tizlik rekordyny goýýar. Madridde uly isleg sebäpli Metropolitano stadionynda konsertleriň sanyny ona ýetirmeli boldy. Petek üçin 300 müňden gowrak adam nobata durdy diýip, El Mundo habar berýär.

Debí Tirar Más Fotos konsert syýahaty 2026-njy ýylyň 30-njy maýyndan 15-nji iýuny aralygynda geçiriler.
Barselonada artist 22-nji we 23-nji maýda iki konsert berer. Olaryň her biri 50 – 55 müň tomaşaçyny özüne çeker. Guramaçylar ýene konsert goşmak mümkinçiligini gözden geçirýär.
Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda petekler birnäçe minutda satylyp gutardy diýip, De Último Minuto habar berýär. Polşada satuw 24 minutda, Germaniýada – 30, Belgiýada – 35, Şwesiýada bolsa 45 minutda ýapyldy. Fransiýada petekler üçin wirtual nobat 500 müň adama ýetdi.
Ýokary isleg Ticketmaster we Live Nation platformalarynda bökdençlige getirdi diýip, 20minutos habar berýär. Saýtlar 8-nji maýda satuwyň başlanmagyna 15 minut galanda işlemegini bes etdi. Ulanyjylar ne kompýuterden, ne-de ykjam gurluşlardan girip bildi.

düýn 23:12
1.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
3.2k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......