Täze “Godzilla we Kong 3” filmi anons edildi, ol “Supernowa” adyny aldy

  • 12.05.2025 16:46
  • 7.5k+

Monsterverse älemi boýunça Godzilla we Kong baradaky täze filmi döredijiler täze tizer çykaryp, onda geljekki filmiň adyny we sýužet barada käbir maglumatlary açyp görkezdi. Film “Supernowa” (Godzilla x Kong: Supernova) goşmaça ady bilen çykar.

Filmiň adyndaky “x”, ähtimal, gahrymanlaryň gapma-garşylygyny däl-de, olaryň hyzmatdaşlygyny aňladýan bolsa gerek. Ýagny, Godzilla we Kong bilelikde täze bir howpa garşy göreşip biler.
Gysga wideo tehnikler toparynyň işleýän ýeri bolan “Monarh” desgasyny görkezýär. Işgärleriň biri gerek wagty iş ýerinde ýok – onuň kompýuterinde “Gyssagly duýduryş” ýazgysy peýda bolýar. Soňra şeýle habar çykýar: “Titany görendigiňiz barada habar bermek üçin, (240) MONARCH jaň ediň”.
Görkezilen belgi (240-666-2724) marketing kampaniýasynyň bir bölegidir. Oňa jaň etmek bilen, franşiza barada täzelikleri almak bolýar.
KHBS “Supernowa” adynyň, ähtimal, Godzillanyň başga bir görnüşini – KosmoGodzillany görkezýändigini çaklaýar. Çaklamalaryň birine görä, ol Godzillanyň kosmosa düşen öýjükleri kristal organizmler bilen birleşenden soň, ak deşikden peýda bolupdyr. Monsterverse Godzillanyň öýjükleriniň kosmosa nädip düşendigini düşündirmese-de, bu mümkinçilik aradan aýrylmaýar.
Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 27-nji martyna meýilleşdirilýär. Ondan öň “Monarh: Nägehanlaryň mirasy” serialynyň ikinji möwsüminiň relizi bolar. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......