«Ahyrky nokatdaky» 71 ýaşly kaskadýor aýal «ot alyp», rekord goýdy

  • 12.05.2025 12:52
  • 14k+

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň döredijileri dünýä rekordyny goýandyklaryny öňe sürýärler. Filmiň surata düşürilýän mahaly, 71 ýaşly kaskadýor aýal «oda berildi». Şeýlelikde, ol kameranyň öňünde «ýanan» iň garry adam boldy.

«Entertainment Weekly» bilen söhbetdeşlikde filmiň režissýorlary Zak Lipowski we Adam Steýniň aýtmagyna görä, Iwett Fergýusonyň ýerine ýetirýän keşbiniň gaty uly däldigine garamazdan, onuň gatnaşýan sahnasynyň düşürilmegi üçin örän köp wagt gerek bolupdyr.
Režissýorlar netijäniň çekilen zähmete mynasypdygyny belläp geçdiler, bölüm hakykatdanam täsirli bolupdyr. Bu üstünlik bilen bagly Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine ýüz tutupdyrlar, emma heniz olardan jogap gelmändir.
Iwett Fergýuson bolsa bu trýugyny «karýerasynda iň halan sahnalarynyň biri» hökmünde häsiýetlendirdi. Ol birnäçe ýyl bäri pensiýadadygyna garamazdan, «Ahyrky nokat» filmi üçin kararyny üýtgedip, filme gatnaşmagy kabul edipdir.
Meşhur horror franşizanyň altynjy bölümi 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda dünýä boýunça prokata çykar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......