«Dünýäni üýtgetjek» Starlink Mini üçin 40 dollarlyk kiçijik router çykaryldy

  • 12.05.2025 07:12
  • 6k+

SpaceX kompaniýasy ABŞ-da 40 dollarlyk kiçi ölçegli Starlink Router Mini-niň satuwyna başlady.

Bu enjam internede birikmäniň hilini ýokarlandyrmak üçin döredildi, şeýle-de öý şertlerinde Wi-Fi zolagynyň giňeldilmegine mümkinçilik berýär. Enjam Starlink Mini ulgamyna, şeýle hem Gen 3 we Gen 2 routerlere laýyk gelýär.
Ýatlatsak, geçen ýyl kompaniýa içine Wi-Fi routeri ornaşdyrylan kiçijik Starlink hemra antennasyny çykarypdy. Ilon Maskyň aýtmagyna görä, «dünýäni üýtgetjek» SpaceX enjamy öňki Starlink toplumlaryna garanyňda has kiçi we energiýa sarp edişi has az.
Orbitada Starlink ulgamyna degişli 7000-den gowrak hemra bar. Olar birnäçe günde bir raketa bilen uçurylýar.


17.06.2026 17:42
6.3k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

15.09.2025 15:50
6.8k+

Bütin dünýäde Starlink işlemegini bes etdi

15-nji sentýabrda irden Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan Starlink hemra aragatnaşyk ulgamy işlemegini bes etdi. Bu belli internet çeşmeleriniň işindäki bökdençlikleri yzarlaýan Downdetector hyzmatynyň maglumatlaryndan gelip çykýar...

14.09.2025 20:25
6.4k+

Mask Starlink-iň wagtyň geçmegi bilen öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň ornuny eýelejekdigini aýtdy

SpaceX ýakynda EchoStar amerikan aragatnaşyk operatoryndan 17 mlrd dollara 50 MGs diapazondaky ýygylyklary satyn aldy. Bu şertnama teswir bermek bilen, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask wagtyň geçmegi bilen Starlink-iň ähli adaty operatorlaryň ornuny eýeläp biljekdigini aýtdy...

31.08.2025 20:25
6.3k+

Starlink eýýäm 150 ýurtda işleýär, oňa 7 milliondan gowrak ulanyjy birikdi

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra internet ulgamy taryhy görkezijä ýetdi – ol 7 milliondan gowrak ulanyjyny birikdirip, 150 ýurdy we sebiti gurşap aldy. Ulgam 200 Mbit/s çenli tizligi we gijikdirmeleriň pes bolmagyny üpjün edýär, bu bolsa kabel ýa-da optiki süýüm birleşmesiniň elýeterli däl ýa-da has gymmat bolan sebitlerinde internete birikmäge mümkinçilik berýär...