Hytaýyň Unitree kompaniýasy suw pürküji oturdylan ýangyn söndüriji robot iti döretdi

  • 12.05.2025 06:41
  • 5.3k+

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy suw pürküji we öz-özüni sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan B2 robot itiniň ýangyn söndüriji görnüşini hödürledi. Täze model Sindao şäherinde eýýäm synagdan geçirilýär.

Robot bilen esasy wersiýanyň arasyndaky esasy tapawut - robotyň arkasyna oturdylan suw pürküjiniň bolmagydyr. Ol sekuntda 40 litr kuwwat bilen pürkülýän suwy 60 metr aralyga ýetirmäge ukyply. Ujy 85 gradus aýlanmak bilen, çüwdürimiň ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Ulgam awtomatiki usulda suwa we köpüge geçip bilýär. Robot şlanglary özbaşdak aýyrýar we dakýar, bu bolsa ýangyny dürli nokatlardan söndürmäge mümkinçilik berýär.
B2-niň korpusy suw we tozan geçirmeýär, şeýle-de ýokary temperatura çydamly. Robot ýangynyň ojagyna has ýakynlaşmaga mümkinçilik berýän öz-özüne suw sepmek ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Inženerler aýaklarynyň hereketini gowulaşdyrdylar - gurluşyň berkligi 170% ýokarlandy. Robot 40 santimetre çenli päsgelçilikden geçip, 45 gradus eňňitli  basgançaklara çykyp biler.
Modele goşmaça lidarlary, manipulýatorlary we hakyky wagtda ýazga alynýan wideony geçirmek üçin aragatnaşygy oturdyp bolar. Şeýle hem, batareýany çalt çalyşmak göz öňünde tutulan. B2 ýangyny söndürmekden başga-da, harabalygyň astynda galan pidalary gözlemek üçin hem ulanylyp bilner.
Kompaniýa robotyň birnäçe synagdan üstünlikli geçendigini habar berdi. Häzir ki wagtda Sindaoda B2-niň iki sany ýangyn söndüriji görnüşi giňişleýin synagdan geçýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......