Äpet Starship raketasynyň maý aýyndaky uçuşy ilkinji gezek 4K formatda görkeziler

  • 11.05.2025 22:20
  • 2.7k+

Starship kosmos gämisiniň indiki uçuşy 2025-nji ýylyň maý aýynyň üçünji ongünlügine meýilleşdirilýär. Bu tomaşaçylara iň ýokary aýdyňlyk bilen 4K formatda görkeziljek ilkinji uçuş bolar. Bu barada Ilon Mask X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Hasap boýunça dokuzynjy synag uçuşynyň dowamynda Ship 35 gämisi we Super Heavy 14 raketa göterijisi ulanylar. Ozal raketanyň aşaky basgançagy Mechazilla diňiniň “mehaniki elleriniň” kömegi bilen üstünlikli gondy. Ýöne Starship gämisiniň gonuşy wibrasiýa we ýangyjyň syzmagy sebäpli iki gezek şowsuz boldy.
X platformasy öň 4K wideo goldawyny goşupdy. Bu üýtgeşme onuň YouTube we TikTok bilen bäsleşmek meýilnamalaryna laýyk gelýär. Täzelenme göni ýaýlymlaryň, şol sanda kosmos enjamlarynyň uçuş ýaýlymlarynyň hilini ýokarlandyrar. 


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......