15 kadrda dünýä syýahat: BU Global Programs 2025 surat bäsleşiginiň jemleri jemlendi

  • 11.05.2025 13:57
  • 8.4k+

BU Global Programs-yň guramaçylary her ýyl geçirilýän 13-nji surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Ol Boston uniwersitetiniň dünýäniň dürli künjeginden gelen dalaşgärleriň, talyplaryň, uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýär. Bu ýyl bäsleşige 1100 töweregi ýüz tutma berildi, bu bolsa ýaryşyň tutuş taryhynda rekord sandyr.

Iň oňat iki surat biri-birinden 10 000 kilometrden gowrak uzaklykda — ABŞ-da we Saud Arabystanynda alnypdyr.
Tomaşaçylaryň söýgüsini gazananlygy üçin baýrak talyp Jafar Al-Obeýde berildi. Ol Al-Ula şäherindäki “Maraýýa” konsert zalyny surata aldy.

Binanyň ady arap dilinden terjime edilende "aýna" diýmegi aňladýar. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, bu dünýäde iň uly aýna binadyr.
Emin agzalarynyň wersiýasy boýunça, professor Skott Lind ýeňiji boldy. Onuň işinde Konnektikut ştatyndaky Konnektikut derýasynyň Long-Aýlend aýlagyna guýýan ýerindäki Seýbruk-Breýkwater maýagy şöhlelendirilýär.

Aşakda BU Global Programs 2025 surat bäsleşiginiň jemleýji suratlary görkezilýär:

Foto: Igor Iwanek (Kalkutta, Hindistan)

Foto: Sahaprom Namano (Boston, Massaçusets ştaty, ABŞ)

Foto: Jo Dobrowolski (Dzigokudani Maýmynlar seýilgähi, Ýamanuçi, Ýaponiýa)

Foto: Nataliýa Raýmers (Mehiko şäheri, Meksika)

Foto: Minýan Wan (Nençžen, Hytaý)

Foto: Melissa Baltaser (Uolmelsdorf, Pensilwaniýa ştaty, ABŞ)

Foto: Muhammet Azka Darajatoen (Jakarta, Indoneziýa)

Foto: Luiza Baron (Nil jülgesi, Müsür)

Foto: Simeý Žen (Ontario, Kanada)

Foto: Kauşik Wardarajan (Kalkutta, Hindistan)

Foto: Megan Kwan (Burano, Italiýa)

Foto: Nikolas Rokka (Boston, Massaçusets ştaty)

Foto: Raahi Mehta (San-Fransisko, Kaliforniýa ştaty)


25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......