Faraon Tutanhamonyň hazynalarynyň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine geçirildi

  • 10.05.2025 22:16
  • 8.3k+

Faraon Tutanhamonyň kolleksiýasyndan artefaktlaryň bir bölegi Gizadaky Uly Müsür muzeýine getirildi. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi habar berdi. Muzeýiň resmi açylyşy 3-nji iýula meýilleşdirilýär.

“Uly Müsür muzeýi Tahrirdäki Müsür muzeýinde ýerleşen “altyn faraon” Tutanhamonyň hazynasyndan 163 artefakty kabul etdi” – diýlip, edaranyň beýanynda aýdylýar. Ministr Şerif Fathi artefaktlaryň tassyklanan meýilnama laýyklykda açylyşa taýýarlygyň çäklerinde geçirilýändigini belledi.

Muzeýe eýýäm dabara kürsüsi, bezeg önümleri eltildi. Soňrak ol ýere galan artefaktlar hem äkidiler.
Faraonyň aramgähi 1922-nji ýylda Luksordaky Şalar jülgesinde arheolog Goward Karter tarapyndan tapyldy. Kolleksiýa, şol sanda meşhur altyn maska uzak wagtlap Tahrirdäki muzeýde saklandy. Täze muzeýde oňa aýratyn zal bagyşlanar.
2024-nji ýylyň oktýabryndan bäri Uly Müsür muzeýinde 12 sergi zalyndan onusy baryp görmek üçin açyk. Ozal diňe giriş zalyny, uly basgançagy, söwda zolaklaryny we baglyklary görüp bolýardy. Ministrligiň maglumatlaryna görä, edara ýylda 3 milliona çenli syýahatçy kabul etmegi meýilleşdirýär.
Muzeý “dünýä sowgat” diýlip atlandyrylýar. Açylyş dabarasyna dünýäniň köp ýurtlarynyň liderlerini çagyrmak meýilleşdirilýär.
Gurluşyk 2005-nji ýylda başlady we açylyş möhleti ençeme gezek yza süýşürildi. Muzeý 90 müň inedördül metr meýdany eýeleýär we ekspozisiýalary, dikeldiş ussahanalaryny, çagalar muzeýini, maslahat zallaryny, kafeleri, restoranlary we seýilgähleri öz içine alýar.


düýn 18:12
872

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

07.05.2026 19:52
7.2k+

Dünýäniň iň gadymy döwletleri: olar haýsy ýurtlar we näçe ýaşynda?

Taryhçylaryň arasynda bu mesele boýunça häli-şindi dürli pikirleriň ýüze çykyp durýandygy dünýäniň iň gadymy döwletini kesgitlemekde bitewi bir garaýyşyň öňe sürülmegine ýol berenok. Şonuň üçin bu babatdaky......

22.04.2026 15:21
8.7k+

Müsür aramgähindäki mumiýanyň içinden «Iliada» poemasyndan bölek bolan papirus tapyldy

Barselona uniwersitetiniň Ýanyndaky Gadymy Ýakyn Gündogar institutynyň arheologlar topary Müsüriň El-Minýa welaýatynda geçirilen ekspedisiýanyň dowamynda Gomeriň «Iliada» poemasyndan bölek bolan üýtgeşik......

22.03.2026 03:03
2.6k+

Patyşalar jülgesinde syýahatçylaryň iki müň ýyl öň galdyran ýazgylary tapyldy

Müsüriň Patyşalar jülgesinde barlagçylar takmynan iki müň ýyl ozal syýahatçylar tarapyndan galdyrylan gadymy diwar ýazgylaryny tapdylar. Hindi dillerindäki bu ýazgylary biziň eýýamymyzyň I–III asyrlaryna degişli diýip hasaplaýarlar...