“Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” 2027-nji ýylyň dekabrynda çykar

  • 10.05.2025 19:47
  • 3.6k+

Warner Bros. kinostudiýasy Ortaýer älemine esaslanýan täze filmiň çykjak senesini aýtdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollumy awlamak” (Властелин колец: Охота на Голлума) atly film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda kinoteatrlarda çykar we meýilleşdirilen iki filmiň birinji bölümi bolar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Iki bölümiň hem režissýory hökmünde Endi Sýorkis çykyş eder, şeýle-de ol Gollumyň keşbine gaýdyp geler. Taslamanyň üstünde işlemäge Fren Uolş we Filippa Boýens bilen bilelikde prodýuser hökmünde Ortaýer baradaky öňki kinotrilogiýalaryň režissýory bolan Piter Jekson hem goşuldy. Olar bilelikde Tolkiniň eserleriniň öňki ekranlaşdyrmalarynyň üstünde işläpdi.
Film “Hobbit” we “Ýüzükleriň hökümdary” filmlerinde kadr aňyrsynda galan wakalara – Gollumyň geçmişine ünsi jemlär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......