Jesko Absolut giperkary ýarym mil aralykda Venom F5-iň tizlik rekordyny täzeledi

  • 10.05.2025 19:15
  • 3.4k+

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary ýarym mil – takmynan, 800 metr aralykda tizlik rekordyny goýdy. Ulag tizligini 359,83 km/sag çenli artdyryp, Hennessey Venom F5-iň öňki netijesinden geçdi. Bu ulag tizligini 357,11 km/sag çenli artdyrypdy.

Sürüş garaşsyz synçylar gatnaşmazdan geçirildi, şonuň üçin ulagyň netijesi heniz resmi taýdan ykrar edilmedi. Muňa garamazdan, Koenigsegg kompaniýasy Jesko Absolut giperkarynyň bu aralykda iň tiz köpçülikleýin awtomobil bolandygyny nygtaýar.
Markanyň esaslandyryjysy Kristian fon Kenigsegg munuň asfalt ýolunda hakyky synag bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu iş ýüzünde subut edilen üstünlikdir.
Iki giperkaryň arasyndaky tapawut 2,72 km/sag boldy.
Jesko Absolut öňem haýran galdyryjy netijeleri görkezipdi. Ol 2023-nji ýylda 27,83 sekuntda tizligini 0-dan 400 km/sag çenli artdyrdy we soňra doly saklandy. Bu görkeziji hem rekord boldy. 


12.05.2026 14:52
2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...