“Altyn globus” 2026-njy ýyldan iň gowy podkastlar üçin berlip başlanar

  • 10.05.2025 14:32
  • 2k+

2026-njy ýyldan başlap “Altyn globus” baýragynda iň gowy podkast üçin täze kategoriýa peýda bolar. Baýragyň guramaçylary bu nominasiýada ilkinji ýeňijiniň baýragyň 83-nji gowşurylyş dabarasynda saýlanjakdygyny habar berdi diýip, Deadline ýazýar.

Dalaşgärleriň sanawyna alty podkast girer. Olary saýlamagyň şertleri bolsa gijräk yglan ediler.
2026-njy ýylda “Altyn globus” üçin bäsdeşleriň atlary 8-nji dekabrda belli bolar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy bolsa 11-nji ýanwarda geçiriler we onda 27 dürli kategoriýada ýeňijiler yglan ediler. Agşamyň alypbaryjysy Nikki Gleýzer bolar.
“Altyn globusyň” prezidenti Helen Hene podkastlaryň wakalar bilen paýlaşmagyň we ýerleşýän ýerine hem ýaşyna garamazdan adamlary birleşdirmegiň möhüm guralyna öwrülendigini belledi.
Şeýle-de, baýraga hem ýönekeý audiopodkastlaryň, hem wideo görnüşli podkastlaryň dalaş edip biljekdigi bellenildi. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......