Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär

  • 09.05.2025 15:53
  • 3.5k+

Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir.

Mitsubishi Motors North America-nyň prezidenti Mark Çaffiniň aýtmagyna görä, elektrokrossower “içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň, gibrid we elektrik güýç enjamlarynyň arasynda deňagramlylygy saklamagy” we “müşderileriň zerurlyklaryna laýyk gelýän tehnologiýalary hödürlemegi” göz öňünde tutýan strategiýanyň bir bölegi bolar.
Model Renault-Nissan-Mitsubishi ylalaşygy boýunça hyzmatdaş bolan Nissan Motor kompaniýasynyň gatnaşmagynda dörediler. Täze awtomobil indiki nesil Nissan Leaf ulagyna esaslanar. Şol bir wagtyň özünde, model Mitsubishi-niň firma stiline eýe bolup, sebitde brendiň bäşinji krossoweri bolar. Modeliň tehniki aýratynlyklary barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
Mitsubishi-niň Demirgazyk Amerika üçin geljekki awtomobil hatarynyň tizerinden ugur alsaň, Leaf-den daşky tapawutlar az bolar. Ähtimal, kuzowyň öň we yz bölegi, nyşanlar we bezeg elementleri üýtgäp biler.
Elektrokrossower kompaniýanyň Momentum 2030 atly uzak möhletleýin strategiýasynyň bir bölegi bolar. Meýilnama görä, 2026-njy ýyldan 2030-njy ýyl aralygynda Mitsubishi her ýyl bir täze ýa-da düýpgöter üýtgedilen modeli çykarar. Ilkinji ädim Outlander-iň üýtgedilmegi bolar. Şeýle-de, täze krossowerleri çykarmak meýilleşdirilýär. 


08.06.2026 16:02
2k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.2k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

02.06.2026 20:53
4.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....