Grok çat-boty indi doly derejeli PDF resminamalaryny döredip bilýär

  • 09.05.2025 12:24
  • 1.4k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy özüniň Grok çat-botuna tekstli, suratly we tablisaly PDF döretmek mümkinçiligini goşdy.

Täze gunksiýa käbir ulanyjylar üçin eýýäm elýeterlidir.
Ozal Grok diňe tablisalary we faýllary okamagy goldaýardy, ýöne olary özbaşdak döredip bilmeýärdi. Indi taýyn resminamany almak üçin “PDF formatda” ýa-da “output as PDF” jümlesini goşmak bilen, buýrugy girizmek ýeterlikdir.
Täze funksiýanyň kömegi  bilen okuw materiallaryny, hasabatlary, prezentasiýalary we beýleki resminamalary döredip bolýar. Mysal üçin, Grok obložkany bezemek, sahypalaryny belgilemek, suratlary, grafikany we jedwelleri goşmak bilen mekdep žurnalyny döredip biler. Şeýle-de ulanyjy öz faýlyny hem goşup biler - bot döredende şol maglumatlary göz öňünde tutýar.

Grok-da PDF döretmek boýunça görkezmeler:

  • Grok-yň resmi web sahypasyna girmeli;
  • Buýrugy giriziň we “PDF formatda” diýip goşmaly;
  • Döretmek işi gutarýança garaşmaly;
  • Setiriň ýokarky çep burçundaky “Faýla ýükle” düwmesine basmaly.

Sosial ulgamlaryň ulanyjylary bu funksiýany ulanmagyň usullaryny eýýäm paýlaşýarlar - rezýumeni, hasap-fakturany, talyp işlerini we hasabatlary döretmek üçin Grok-dan peýdalanýarlar.
Bu funksiýa Grok-yň web wersiýasynda bar. Onuň haçan ykjam wersiýada peýda boljagy entek belli däl. Abuna ýazylmak hökman däl.


düýn 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......