Inženerler 100 ýyllyk kepillik bilen titandan ruçka döretdiler

  • 09.05.2025 12:06
  • 7.1k+

Titaner kompaniýasy 100 ýyl hyzmat etjek Dragon Pearl ruçkasyny döretdi. Ol tutuşlygyna diýen ýaly, hatda içki pužiny hem 5-nji derejeli titandan ýasalan. Inženerleriň hasaplamalaryna görä, mehanizm milliondan gowrak gezek basylmaga çydap biler.

Ruçkanyň esasy aýratynlyklary - çydamlylyk we modullyk. Düwme akgynly  basylýar, onuň hereketi bäbegiň endamyna galtaşan ýalydyr. Korpusy büdür-südür ýa-da gyraňlanan görnüşde bolýar. Uçjagazyny çalşyp hem bolýar. Bir wariant, sterženini aýyrsaň, gyssanan ýagdaýyňda taplanan polatdan ýasalan peýkam ýaly, onuň bilen aýnany döwmek bolar.
Öndüriji goşmaça grafit “baky” galam, tyg, otwýortka we beýleki gurallar ýaly uçluklary çykarmagy meýilleşdirýär.

Galamyň gysgyjyna gaty daşdan ýasalan kiçijik şarjagaz ýerleşdirildi. Ol diňe bir bezeg bolman, eýsem eşigiň matasyny könelmekden goraýar. Üç reňki bar: gyzyl, gök we gara.
Dragon Pearl-e meşhur brendleriň çalşyp bolýan sterženlerini hem dakyp bolýar, şeýle hem Titaner-iň suw astynda hat ýazmak üçin niýetlenen ýörite wersiýasyna hem gabat gelýär. Her nusga özboluşly belgi we çykyş senesi berilýär. Agramy - takmynan 30 gram, boýy adaty galamdan gysga.
Kraudfanding kampaniýasynyň çäklerinde ruçkanyň bahasy 100 dollardan çala geçýär. Satylyp başlanansoň bahasy iki esse diýen ýaly ýokarlanar. Alyjylara önümiň onlarça ýyl hyzmat etjekdigi wada berilýär. Bu bütin ömrüňe ýanyňda göterip, nesilleriňe miras goýup boljak şahsy zat. Döwlen ýagdaýynda 100 ýyl kepillik möhleti bar.


düýn 17:00
1.9k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....