iPhone 18 hatarynda alty dürli model bolar

  • 09.05.2025 10:05
  • 4.9k+

Apple kompaniýasy iPhone 18 hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Adaty we flagman wersiýalardan başga-da, oňa Air, “e” modelleri, şeýle-de kompaniýanyň ilkinji eplenýän smartfony girer. Smartfonlaryň premýerasy birnäçe tapgyrda geçer.

The Information-dan insaýder Ueýn Manyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýyldan başlap Apple smartfonlary çykarmak strategiýasyny üýtgeder. Güýzde täze dizaýn bilen iPhone 18 Pro we Pro Max modelleri görkeziler. Smartfonlar inçe çarçuwalara eýe bolar. Selfi kamerasy çep burçda, Face ID sensory bolsa ekranyň astynda ýerleşer. Bu “arassa” displeýi döretmäge tarap ädim bolar. Şeýle-de, iPhone 18 Pro-da dürli ýagtylyk şertlerine görä sazlanyp biljek diafragmaly kamera peýda bolar.
2026-njy ýylyň güýzünde örän inçe iPhone 18 Air görkeziler – bu 2025-nji ýylda görkeziljek täze smartfon wersiýasynyň ikinji neslidir. Çaklamalara görä, iPhone 17 Air smartfony hataryň satuwynyň, takmynan, 10%-ini üpjün eder we täzelenme islege itergi berer.
Şeýle-de, 2026-njy ýylda Apple ilkinji gezek eplenýän smartfonyny hödürlär. Açylan görnüşde onuň ýogynlygy 4,5 mm bolar. Gajet Touch ID düwmesi, iki kamera, titan korpus we EA funksiýalary bilen üpjün ediler. Daşarky ekran 5,5 dýuým, içerki – 7,8 dýuým bolar. Bahasy – 2000 dollar töweregi.
Adaty iPhone 18 we onuň ýönekeýleşdirilen görnüşi iPhone 18e 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda peýda bolar. Ueýn Manyň pikiriçe, şeýle çemeleşme has elýeterli modelleriň kömegi bilen smartfon hataryna ünsi çeker.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...