Samsung 13-nji maýda örän inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürlär

  • 09.05.2025 10:12
  • 3.8k+

Samsung kompaniýasy täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Model Galaxy S25 hatarynyň üstüni ýetirer we resmi taýdan 13-nji maýda hödürlener.

Öň internet torunda smartfonyň suratlary, şeýle-de onuň käbir aýratynlyklary barada maglumatlar peýda bolupdy. Bu korpusynyň ýogynlygy 5,85 mm bolan örän inçe smartfondyr. Syzma maglumatlara garamazdan, täze smartfon heniz giň köpçülige görkezilmedi.
Samsung KHBS üçin çakylygynda Galaxy S25 Edge-i ýönekeý bir inçe smartfon däl-de, S seriýasynyň flagman adyny tassyklaýan, oýlanyşykly dizaýna we ösen tehnologiýalara eýe bolan gurluş diýip atlandyrýar.
Modeliň esasy aýratynlygy 200 Mp sensorly giňburçly kamera bolar. Şeýle-de, smartfonda emeli aň funksiýalarynyň goldawy göz öňünde tutuldy.
Galaxy S25 Edge 1440p durulykda 6,7 dýuýmlyk displeýe eýe bolar. Öndürijilige 12 GB operatiw ýat bilen bilelikde Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessory jogap berer. Gurluş 256 ýa-da 512 GB saklaýjy bilen elýeterli bolar.
Korpusyň inçeligi sebäpli akkumulýatoryň sygymy seriýanyň beýleki modellerinden az bolar. Deslapky maglumatlara görä, Galaxy S25 Edge 3900 mA/sag batareýasy bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa Galaxy S25+-dan 1000 mA/sag azdyr. Şol bir wagtyň özünde, smartfon ýeňil bolar – onuň agramy 163 gramdan geçmez.


11.04.2026 14:59
6.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
2.8k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...