ABŞ bikanun migrantlaryň watanyna dolanmagy üçin ýol biletlerini satyn alyp berer we 1000 dollar tölär

  • 08.05.2025 16:15
  • 13k+

ABŞ-nyň Içeri Howpsuzlyk ministrliginiň (DHS) duşenbe güni habar bermegine görä, ABŞ-nyň hökümeti bikanun migrantlaryň (ýurda bikanun girenleriň) öz watanyna dolanmagy üçin, biletleriň nyrhyny tölär we ýurduň çäginden çykandygyny tassyklandan soň, olara 1000 dollar möçberinde pul berler. Bu barada «Fox News» habar berýär.

Puly almak isleýän migrantlar «CBP Home» ykjam goşundysyna hasaba durmaly, gitjekdigini habar bermeli we ABŞ-nyň çägini terk edendigini tassyklamaly. Bu şertler ýerine ýetirilenden soň, olara 1000 dollar möçberinde bir gezeklik pul geçirilýär.

«Eger siz ABŞ-da bikanun ýaşaýan bolsaňyz, öz islegiňiz bilen ýurdumyzy terk etmeklik – tussag edilmekden gaça durmagyň iň gowy, howpsuz we tygşytly usulydyr» — diýip, DHS-iň ýolbaşçysy Kristi Noem «Fox News» telekanalyna beren ýörite beýanatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu maksatnama deportasiýa çykdajylaryny 70% azaldýar: bir migranty zor bilen deportasiýa etmek hökümete ortaça 17 müň 121 dollara düşýär, täze usul bolsa her adam başyna, takmynan, 4500 dollar çykdajy talap edýär.
Şeýle hem ministrlik öz islegi bilen ýurduna dolanan migrantlaryň tussag edilmäge degişlileriň ileri tutulýan sanawlaryndan aýryljakdygyny we geljekde ABŞ-a kanuny ýagdaýda girip biljekdiklerini aýtdy. «Fox News-iň» berýän maglumatlaryna görä, maksatnamanyň synag tapgyry eýýämden başlady: bir migranta Çikagodan Gondurasa uçuş petegi satyn alyp berildi, başga uçuşlar hem meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda, kasam kabul ediş dabarasynda, Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji prezidenti hökmünde eden ilkinji çykyşynda, bikanun migrantlaryň ýurduň çägine girmegini derrew duruzjakdygyny hem-de millionlarça adamyň deportasiýasyna başlajakdygyny wada beripdi. Şeýle-de ol ABŞ-nyň günorta serhedindäki ýagdaý bilen bagly tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaýy yglan edipdi.


08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......