Sankt-Peterburgda dünýäde ikinji beýik gökdirän binanyny gurmak meýilleşdirilýär

  • 08.05.2025 16:36
  • 10k+

Sankt-Peterburgda iki sany täze gökdirän binanyň gurluşygyna taýýarlyk işleri dowam edýär. “Gazprom” JPJ olary Ýewropanyň iň beýik binasy (462 m) bolan “Lahta Merkeziniň” gapdalynda gurmagy meýilleşdirýär. Täze binalaryň beýikligi 555 we 703 metr bolar.

Taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda 703 metrlik gökdirän bina dünýä sanawynda Dubaýyň “Burj-Halifasyndan” (828 m) soňra ikinji orny eýeläp biler. Häzirki wagtda beýikligi boýunça ikinji orunda durýan bina Malaýziýanyň Merdeka 118-i (679 m), üçünji orundaky beýik bina bolsa Şanhaý diňidir (632 m).
Emma beýikligi boýunça ikinji derejeli status diňe iki şert bilen mümkindir. Birinjisi, eger Saud Arabystanyndaky 2025-nji ýylda gurluşygy gaýtadan bat alan Jeddah Tower-iň gurluşygy tamamlanmasa (beýikligi, aýdyşlaryna görä, 1 kilometrden geçmeli). Ikinjisi, BAE-däki “Burj-Azizi” gurlup gutarylmasa (beýikligi 725 m bolmaly).
2025-nji ýylyň maý aýynda Sankt-Peterburgyň şähergurluşyk komiteti “Sinergiýa” paýdarlar jemgyýetiniň Primorskiý etrabynda “Lahta Merkezi-2” we “Lahta merkezi-3” gökdirän binalaryny gurmak üçin taslama resminamalaryny taýýarlamak baradaky arzasyny tassyklady. Bu işler üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli tamamlanar, gurluşygyň özi bolsa 2031-nji ýyla çenli tamamlanar.
Döwlet gurluşyk gözegçilik gullugy ozal üç binanyň ýykylmagyny we täze desgalar üçin dört gatly energiýa merkeziniň gurulmagyny tassyklapdy.
Bilermenler bu taslamanyň şäheriň keşbine täsir etjekdigini bellediler. Sankt-Peterburgyň taryhy bölegi, adatça, 7-9 gatly belent binalar bilen häsiýetlendirilýär. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan gurluşykçysy Roman Miroşnikow, esasan, “Lahta Merkeziniň” bolmagy şäheriň panoramasyna eýýäm üýtgeşmeleri girizýändigini we ýene iki desganyň peýda bolmagynyň eýýäm döredilen şäher landşaftyna düýpli täsir edip bilmejekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, bilermenler infrastruktura aýratyn üns berilmelidigini, sebäbi oňa düşýän agramyň  gürrüňsiz artjakdygyny bellediler.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.5k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....