Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar

  • 08.05.2025 16:11
  • 3k+

Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň döremegine we ýangyna sebäp bolup biler. Bu barada «autoevolution» habar berýär.

Ford kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, bu näsazlyk akkumulýator modullarynyň ýygnalýan zawodynyň kämilleşdiriş tapgyrynda ýüze çykypdyr. Eger bu mesele ýüze çyksa, awtoulagyň panelinde duýduryş nyşany peýda bolýar, soň bolsa ulag çekiş ukybyny ýitirýär, bu bolsa ýol-ulag hadysasynyň howpuny artdyrýar.
Bu yzyna çagyryş çäresi diňe 2023-nji ýylyň modeli bolan we Günorta Koreýanyň SK On kompaniýasy tarapyndan öndürilen akkumulýatorly «F-150 Lightning» pikaplaryna degişlidir. Ulaglaryň eýelerine 2025-nji ýylyň 19-23-nji maýy aralygynda hat arkaly habar berler. Dilerlere şol boltlaryň berkidilişini barlamak we zerur bolsa, olary gysmak ýa-da çalşyrmak tabşyryldy.
«F-150 Lightning» modeli 98 we 131 kWt·sag sygymly akkumulýatorlar bilen hödürlenýär, bu bolsa gir gezeklik zarýad bilen 515 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Modeliň başlangyç bahasy Pro görnüşi üçin – 47 müň 780 dollar, iň ýokary görnüşi bolan Platinum bolsa – 84 müň 995 dollar. Bahasynyň ýokarydygyna garamazdan, «F-150 Lightning» elektropikaplary öz segmentinde «Tesla Cybertruck» we «Rivian R1T» bilen bäsleşip bilýän az sanly modelleriň biri bolmagynda galýar.


düýn 12:31
1.6k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....