Bosch elektrowelosipedler üçin özboluşly režimli magniý hereketlendirijisini hödürledi

  • 08.05.2025 14:07
  • 2.3k+

Germaniýanyň Bosch kompaniýasy täze nesil elektrowelosiped hereketlendirijisini – «Performance Line CX-R» modelini tanyşdyrdy. Bu enjam çylşyrymly şertlerde sürmegi halaýanlar üçin niýetlenendir.

Esasy aýratynlygy – «Race» (Ýaryş) režimidir. Bu režimde hereketlendiriji 750 Wt güýji we 100 N·m torky üpjün edýär. Sürüji dik eňňitlere aňsatlyk bilen çykyp, kyn ýollary ýeňip geçip bilýär.
Şeýle hem «eMTB+» režimi bar, ol sürüjiniň pedala basyşyna görä güýji awtomatiki sazlaýar. Ulgamyň sensorlary maglumatlary sekuntda müň gezek analiz edýär, bu bolsa hereketi has tebigy we duýgur edýär.
Täze ulgamda «Kiox 400C» displeýi bar. Ol daşky ýagtylyga görä öz ýagtylygyny sazlaýar we ýoluň ýagdaýyna görä degişli maglumatlary görkezýär. Ulanyjy bu displeý arkaly parametrleri göni ruldan dolandyrýar ýa-da ykjam goşundy arkaly üýtgedip bilýär.
Täze model 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykarylar. Köne modelleriň eýeleri hem programma üpjünçiliklerini täzeläp, täze mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.
Bosch bu modelde ýeňil magniý korpusa we ösen sensor ulgamy bilen sport äheňine, tizlige we durnuklylyga üns beripdir. Bu hereketlendiriji indi diňe bir kömekçi däl, eýsem ýol şertlerine uýgunlaşýan akylly hyzmatdaşdyr.
Ýatlatsak, ozal polşaly inžener Tomaş Patan «Volonaut Airbike» atly reaktiw hereketlendirijili täze nesil howa ulagyny tanyşdyrypdy.

düýn 14:38
2.8k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....