Polşaly inžener Volonaut Airbike atly innowasion uçýan ulagyny tanyşdyrdy

  • 04.05.2025 23:44
  • 7.1k+

Jetson kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we tehniki direktory Tomaş Patan «Volonaut Airbike» atly reaktiw hereketlendirijili täze nesil howa ulagyny hödürledi. Enjam diňe bir adamy daşamak üçin niýetlenendir.

«Volonaut Airbike» iki joýstik arkaly, şeýle-de sürüjiniň bedenini egmegi bilen dolandyrylýar. Bort kompýuteri bolsa, uçuş wagtynda enjamy durnuklaşdyryp, howpsuzlygy we dolandyryşy ýokarlandyrýar.
«Volonaut-yň» aýratynlyklary haýran galdyryjy – bu spider sagatda 200 kilometre çenli tizlige ýetip bilýär, aýlanýan propellerleriň bolmazlygy onuň manýowr mümkinçiliklerini artdyrýar. Bu aýratynlyk dar ýerlerde hem üç ölçegde erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär.
«Airbike» adaty motosikllerden, takmynan, ýedi esse ýeňil. Bu ýeňillik häzirki zaman uglerod süýümlerinden ýasalan materiallaryň, 3D çap tehnologiýasynyň we ýönekeýleşdirilen dizaýn çemeleşmesiniň netijesinde mümkin boldy.
«Volonaut Airbike-yň» haçan satuwa çykjakdygy heniz belli däl, ýöne şeýle tehnologiýalaryň peýda bolmagy, hakykatdanam, tolgundyryjy.


31.10.2025 12:44
6.6k+

Polşadaky “Takyr Dagynda” kelleçanak kesmek üçin ulanylan gadymy kelt guraly tapyldy

Polşaly arheologlar kelleçanagyň töweregini kesip ýa-da deşip bejermekde ulanylýan seýrek duş gelýän kelt guralyny tapdylar. Tapyndy b.e. öňki IV–III asyrlara degişli. Bu bolsa Merkezi Ýewropada ýaşan keltleriň lukmançylyk endiklerine eýe bolandygyny görkezýär diýip, Nauka w Polsce neşiri habar berýär...

27.06.2025 18:11
5.8k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...

10.08.2024 23:26
12k+

Arheologlar Polşada Kopernigiň 500 ýyl ozal ýitirilen kompasyny tapdylar

Höwesjeň arheologlar beýik astronom Nikolaý Kopernige degişlidir diýlip çaklanylýan 500 ýyllyk kompasy tapdylar. Tapyndy alymyň ömrüniň ep-esli böleginiň geçen we işlän ýeri bolan Polşadaky XIV asyra degişli Frombork...

düýn 22:07
948

Arheologlar Müsürde 4400 ýyllyk Gün ybadathanasyny tapdy

Kairiň golaýyndaky Abusir nekropolynda ýaşy, takmynan, 4400 ýyl bolan Gadymy Müsüriň Gün ybadathanasynyň harabalygy tapyldy. Bu ybadathana, çen bilen, b.e.öň 2420-nji ýyldan 2389-njy ýyl aralygynda V nesilşalygyň döwründe dolandyran faraon Niuserrä degişli bolupdyr...