Xiaomi we Huawei ätiýaçdan Google Play-siz HyperOS 3-i işläp düzýärler

  • 08.05.2025 13:26
  • 1.2k+

Xiaomi, BBK Group (Oppo, Vivo we OnePlus brendleriniň eýesi) we Huawei bilelikde Google Play hyzmatlary bolmazdan hem işläp biljek HyperOS 3 operasion ulgamyny işläp düzýärler. Bu ädim ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň mümkinçiligi bilen baglanyşykly bolup, şol sanksiýalar eýýäm Huawei kompaniýasyna güýçli täsir etdi. Bu barada Xiaomi-niň ösüşlerine gözegçilik edýän «XiaomiTime» maglumat berýär.

Çeşmelere görä, HyperOS 3 Huawei-niň HarmonyOS ulgamyna meňzeş bolar we ABŞ tarapyndan Android-den peýdalanmak mümkinçiligi çäklendirilse, ulanmaga taýýar bolar.
Häzirki wagtda Xiaomi kompaniýasy Google hyzmatlary bilen bilelikde Android ulgamyny ulanmagyny dowam etdirýär, ýöne ABŞ-nyň administrasiýasy bilen gatnaşyklaryň näbelliligi sebäpli, kompaniýa iň ýaramaz ssenariý taýýarlanýar. Bu ýagdaý şu aýyň dowamynda işe girizilmegine garaşylýan Xiaomi-niň 3-nanometrli özbaşdak çip ulgamyny işläp düzmeginiň üstünlik gazanmagy bilen hem has çylşyrymlaşýar. Bu ýagdaý amerikan häkimiýetleriniň ünsüni has-da köp çekip biler.
Google hyzmatlary bolmazdan işlemäge ukyply tejribesi bolan Huawei bilen BBK Group-yň hyzmatdaşlygynyň maksady durnukly ekoulgam döretmekdir. Emma Android ulgamyndan ýüz öwürmek satuw bazaryny diňe Hytaý bilen çäklendirip biler, sebäbi dünýä derejesinde ulanyljak alternatiw programma dükany döretmek gaty kyn we çylşyrymly mesele. HyperOS 3-e Xiaomi, Oppo, Vivo we OnePlus brendlerini mümkin bolan söwda çäklendirmelerinden goramak üçin strategik ätiýaçlyk hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda sanksiýalar güýje girenok, şonuň üçin Hytaýdan daşarda ýaşaýan Xiaomi ulanyjylary henizem Google hyzmatly smartfonlary ulanyp bilýärler. Kompaniýanyň muşdaklary alada galmak gerek däl, şeýle-de bolsa HyperOS 3-iň işlenip taýýarlanmagy Xiaomi-niň potensial howplara çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.


düýn 01:33
3.2k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...