Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär

  • 08.05.2025 13:33
  • 2.3k+

Howpsuzlyk sebäpli Xiaomi öz «SU7 Ultra» elektromobiliniň kuwwatyny başlangyç tapgyrda programma arkaly çäklendiripdi. Emma müşderileriň şikaýatlaryndan soň, kompaniýa bu karary täzeden gözden geçirip, çäklendirmeleri aýyrmaga karar berdi.

«CarNewsChina» neşiriniň habaryna görä, zawoddan çykýan «SU7 Ultra» modeli diňe 900 at güýjüni öndürýärdi, emma onuň resmi kuwwaty 1548 at güýji diýip görkezilýärdi. Doly kuwwata ýetmek üçin, ulaglaryň eýeleri Xiaomi tarapyndan tassyklanan ýörite ýaryş ýolunda synag sürüşini geçmelidiler. Bu synag olaryň sürüjilik başarnygyny barlamak üçin ulanylýardy.
Şeýle-de ulagyň ýerinden çalt ugrukmagyny üpjün edýän «launch control» ulgamy diňe 60 sekuntlyk garaşmadan soň işjeňleşýär. Bu çäklendirme şäher şertlerinde güýçden howply peýdalanylmagynyň öňüni almak üçin girizildi.
Hytaýda «SU7 Ultra» modeliniň bahasy, takmynan, 73 müň dollara deň. Ulagy satyn alan müşderiler onuň ähli tehniki mümkinçilikleri şert goýulmazdan açyk bolar diýip garaşypdyrlar. Olaryň aýtmagyna görä, satyn alnandan soň synagdan geçmek talaby olaryň göwnünden turmandyr we nägilelik döredipdir.
Netijede, Xiaomi programma üpjünçiligini täzelemek arkaly bu çäklendirmeleri aýyrdy. Indi «SU7 Ultra» eýeleri üçin doly 1548 at güýji, 350 km/sagat tizligi we ulagyň 0-dan 100 km/sagada 2 sekuntdan hem az wagtda ýetmegi mümkin boldy.
Şeýle-de bolsa, öndüriji bu güýçli häsiýetleriň diňe ýörite ýaryş ýollarynda, degişli taýýarlyk we ýörite tekerler bilen ulanylmalydygyny nygtaýar.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......