Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

  • 08.05.2025 11:59
  • 11k+

Kriştianu Ronaldunyň uly ogly – 14 ýaşly Kriştianu duş Santuş Portugaliýanyň 15 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysyna çagyryldy. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýygyndy 13-18-nji maý aralygynda Horwatiýada geçiriljek Wlatko Markowiç adyndaky halkara ýaryşyna gatnaşar. Bu ýaryşyň çäklerinde topar Ýaponiýanyň, Gresiýanyň we Angliýanyň ýaşlar toparlaryna garşy oýnar.
Kriştianu duş Santuş Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň ýaşlar toparynda çykyş edýär. Onuň kakasy, Kriştianu Ronaldu, şol toparyň esasy düzüminde oýnaýar.
Uly Kriştianu bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi, bäş gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Ýewropanyň çempiony we Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 00:06
2k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

düýn 20:11
2.3k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

düýn 14:24
7.1k+

Nobatdaky şowsuzlyk: Ronaldu «Al-Nasr» bilen 14-nji kubogyny hem elden gidirdi

Düzüminde ýyldyz hüjümçi Kriştianu Ronaldu bolan topar nobatdaky kubokdan hem galdy. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň final oýnunda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» toparyndan 0:1......

16.05.2026 20:02
10k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....