Ak tam NASA-nyň býujetini azaltmagy, Aý programmasyny ýatyrmagy meýilleşdirýär

  • 07.05.2025 13:51
  • 4.7k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy NASA-nyň maliýeleşdirmesini ep-esli azaltmagy göz öňünde tutýan 2026-njy ýyl üçin býujetiň taslamasyny çap etdi. Space News-yň berýän maglumatlaryna görä, agentligiň býujeti ABŞ-nyň taryhynda iň uly ýyllyk kemeltme boljak 24% ýa-da 6 milliard dollar azalar.

Bu NASA-nyň barlag maksatnamalaryna agyr urgy bolar. Şol bir wagtyň özünde, Marsyň taslamalaryna täze maýa goýumlary sebäpli adam tarapyndan dolandyrylýan kosmos uçuş maksatnamalaryny maliýeleşdirmek milliard dollar artyp biler.
Býujetiň taslamasy 2027-nji ýylda uçurmak meýilleşdirilýän, Artemis III missiýasyndan soňky gymmat bahaly Space Launch System (SLS) raketasyny we Orion kapsulasyny ýatyrmagy teklip edýär. Bu missiýa ýarym asyrdan bäri  kosmonawtlary Aýa ilkinji gezek gondurmaly missiýady.
Mundan başga-da, administrasiýa Gateway Aý stansiýasynyň gurluşygyny we Marsyň nusgalaryny getirmek işini ýatyrmagy teklip edýär. Şeýle hem Halkara kosmos stansiýasynda işleri azaltmak meýilleşdirilýär. Resminamada Artemis III-den soň Aýa uçuşlaryň has irnik missiýalary goldajak arzan täjirçilik ulgamlary ulanylyp amala aşyryljakdygy aýdylýar.
Bu üýtgeşmeler öň Artemis programmasyny tankyt eden SpaceX-iň baş direktory Ilon Mask üçin peýdaly bolup biler. Emma Trampyň meýilnamalarynyň durmuşa geçiriljegi gümana. NASA-nyň Aý programmasy Kongresde güýçli goldaw tapýar we kanun çykaryjylar SLS-iň hem-de beýleki taslamalaryň bary-ýogy üç missiýadan soň ýatyrylmagyna garşy çykyş ederler. Bu mesele babatda gyzgalaňly çekişmäniň bolmagyna garaşylýar.
Býujetiň taslamasy ylmy jemgyýetde ynjalyksyzlyk döretdi, sebäbi gysgaltmalar diňe bir Aý programmasyna däl, NASA-nyň beýleki möhüm maksatnamalaryna-da täsir edip biler. Kongres agentligiň häzirki ugruny dowam etdirmelimi ýa-da teklip edilýän üýtgeşmeleri goldamalymy - bu mesele babatda belli bir karara gelmeli bolar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......