Mercedes Bred Pittiň düşmeginde Formula 1 hakdaky filmiň hormatyna ýörite superkar çykardy

  • 07.05.2025 13:23
  • 4.1k+

Mersedes-AMG Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda Formula 1 hakyndaky  filmiň hormatyna döredilen GT 63 APXGP Edition superkarynyň çäkli sanda çykan wersiýasyny hödürledi.

Awtoulag filmdäki toslama Apex Gran Pri bolidiniň liwreýine meňzeş öwüşgin aldy.
Superkaryň kuzowy ýalpyldysyz altynsow öwüşginli tutuksy gara reňkde ýerine ýetirilen. Hromlanan elementleri ýok. Öň tarapky ganatlarynda gözenek çyzmykly pellehana baýdagy bar. Içi uglerod süýümi, nappa derisi we alkantar ulanylyp, şol bir gammada bezelen. Açyk sary kontrast ýörmelen tikin sport stilini nygtaýar.
Tehniki häsiýetnamasy standart bolmagynda galdy. Superkar 585 at güýji bolan dört litrlik V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Komplektasiýa karbon aerodinamiki bukjasy, karbon-keramiki tormozlar, trekde sürmek üçin Track Pace ulgamy we päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin kuzowyň öň bölegini göteriş funksiýasy bar.
F1 filmi 2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda çykar. Çäkli sanda çykan superkar mahabat kampaniýasynyň bir bölegi bolmagy ahmal. Sany 52 nusga bilen çäklendirildi. San birhili film bilen bagly ýaly, ýöne jikme-jiklikleri takyk aýdylmaýar.


20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:29
4.3k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....