Awtomobilleri üýtgetmek bilen belli bolan Mansory atelýesi Dubaýda ýaşaýyş diňlerini gurar

  • 06.05.2025 10:25
  • 5k+

Lýuks ulaglary tehniki taýdan üýtgetmek bilen belli bolan Mansory nemes atelýesi iş gerimini giňeldip, gozgalmaýan emläk pudagynda ilkinji taslamasyny işe girizýär. Amaal deweloperi bilen bilelikde ol Dubaýyň Mohammed Bin Rashid City sebitinde ýaşaýyş diňini gurar.

Taslama Amaal 8 adyny aldy. Toplum 512 sany dürli ululykdaky ýaşaýyş öýlerini öz içine alar. Binanyň beýikligi – 48 gat. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Toplumyň aýratynlyklarynyň arasynda gönüden-göni penthauslar bilen baglanyşdyryljak şourum funksiýaly VIP garažlar bar. Olar týuning awtomobilleriň eýeleri üçin niýetlenip, brendiň awtomobil estetikasyna ünsi çekýär.  
Şeýle-de, infrastruktura basseýni, sport zallaryny, kinoteatry, spany, restorany, kiçi golf meýdançasyny we ýaryş simulýatorlaryny öz içine alýar.
Interýeriň her bir elementi, iň gowy awtomobillerde bolşy ýaly, indiwiduallygy we ýokary öndürijiligi özünde jemlär diýip, Mansory-nyň wekilleri belleýär.
Bu ugurda Mansory ýaşaýyş emlägi boýunça taslamalara gatnaşýan awtoöndürijileriň we týuning kompaniýalarynyň göreldesine eýerýär. Öň, şeýle başlangyjy Bentley, Aston Martin we Lamborghini hödürledi. 


20.02.2026 10:52
2.5k+

BAE-de 2026-njy ýylyň täze benzinli Toyota RAV4 (XA60) modeli peýda boldy

Täze nesil XA60 kysymly Toyota RAV4 awtoulagy ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada diňe gibrid görnüşinde hödürlense-de, Ýakyn Gündogar bazary üçin adaty benzin hereketlendirijili wersiýasy saklanyp galdy. Bu awtoulaglar eýýäm Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) satuwa çykaryldy...

18.02.2026 13:27
4.8k+

BAE ilkinji milli superkaryny görkezdi: häzirlikçe diňe emeli aňda ýasalan wideoda

BAE-niň täze döredilen Flkon Cars kompaniýasy milli superkarynyň dizaýnyny we tehniki häsiýetnamalaryny köpçülige tanyşdyrdy. Bu awtoulag Dubaýyň "Jebel-Ali" erkin ykdysady zolagyndaky zawodda ýygnalar we dünýäniň iň güýçli sport ulaglary bilen bäsleşer...

14.01.2026 09:34
4.3k+

Xiaomi SU7 Ultra Abu-Dabiniň taýgançak ýolunda Ferrari SF90 XX-den öňe geçdi

Abu-Dabiniň ýolunda Xiaomi SU7 Ultra elektrik sedany ýoluň taýgançak bolmagyna getiren çägeli tupandan soň Ferrari SF90 XX gibrid superkaryna garşy synagdan geçirildi. Synagyň guramaçysy bolan Carwow awtomobil ýaýlymy kuwwatly elektrik awtomobiliniň kyn ýolda Ferrari-niň adaty gibrid superkary bilen deňeşdirilende özüni nähili alyp barýandygyny barlamak isledi...

16.12.2025 18:28
4.3k+

Iň gymmat McLaren F1 Abu-Dabide 25,3 million dollara satyldy

RM Sotheby's auksion öýi Abu-Dabidäki söwdalaryny McLaren F1 superkaryny $25,317,500 dollara satmak bilen tamamlady. CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, bu pul möçberi bu model üçin täze bahanyň rekordy bolup, öňki resmi maksimumdan 5 million dollara ýokarydyr...