“Gaty sesli ümsüm surat”: World Press Photo ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady

  • 05.05.2025 15:29
  • 6k+

World Press Photo gaznasy ýylyň iň gowy suratlaryny saýlady.
Şu ýyl ýeňiji 2024-nji ýylyň mart aýynda Ysraýylyň Gaza tarap howa hüjüminden soň iki elini ýitiren palestinaly oglanjyk Mahmud Ajžuryň suraty boldy.

Suraty The New York Times üçin palestinaly zenan žurnalist Samar Abu Eluf aldy. 2023-nji ýylyň ahyrynda ol Gazadan ewakuasiýa edildi we häzir Katarda, Mahmud bilen bir ýaşaýyş toplumynda ýaşaýar. Samar Gazany terk eden agyr ýaraly palestinalylaryň durmuşyny dokumentleşdirýär.

“Bu gaty sesli ümsüm surat” – diýip, bäsleşigiň ýerine ýetiriji direktory Juman El Zeýn Huri belledi. – Ol bir oglanjygyň wakasyny, ýöne şol bir wagtyň özünde netijesi diňe bir nesle täsir etmek bilen çäklenmejek tutuş urşuň wakasyny gürrüň berýär”.

Bäsleşigiň finalyna Jon Muryň (“Gijeki geçiş”) we Musuk Nolteniň (“Amazoniýadaky gurakçylyk”) işleri hem çykdy.

Getty Images agentligi üçin düşürilen “Gijeki geçiş”, köplenç, syýasy çekişmelerde ünsden düşürilýän serhetdäki durmuşyň kyn taraplaryny görkezýär.

“Amazoniýadaky gurakçylyk” Panos Pictures agentligi we Bertha Foundation gaznasy üçin düşürildi. Suratda ýaş erkek adam Manakapuru obasyndaky ejesine iýmit äkidip barýar – birwagtlar ol ýere gaýykly baryp bolýardy, indi bolsa gurakçylyk sebäpli ol iki kilometrlik ýoly derýanyň guran hanasy bilen pyýada geçýär. Dünýäniň iň uly tropiki tokaýlygynda guran, çöllük diýen ýaly ýerler dowam edýän ekologiýa betbagtçylygynyň gerimini we sebitde suw çökgünliginiň artýandygyny görkezýär.
2025-nji ýylda bäsleşige 141 ýurtdan 3 778 awtordan 59 320 surat gatnaşdy. Eminler üç kategoriýada işlere baha berdi: ýeke suratlar, seriýalar we uzak möhletli taslamalar.

düýn 23:12
2.5k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.4k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.4k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......