ABŞ-da awtoulag şaýlaryna 25 göterimlik gümrük pajy güýje girizildi

  • 05.05.2025 00:21
  • 9.4k+

3-nji maýdan başlap, ABŞ-da awtoulag şaýlarynyň (zapçastlarynyň) importyna 25 göterim möçberinde täze gömrük pajy güýje girdi. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan gol çekilen resmi permanda aýdylýar.

Bu çäre ozal awtoulaglara girizilen salgytlaryň üstüni ýetirýär.
2-nji aprelde Tramp ýeňil awtoulaglaryň, ýeňil ýük ulaglarynyň hem-de awtoulag şaýlarynyň ýurda getirilmegine 25 göterimlik gümrük pajyny girizmek baradaky buýruga gol çekipdi.
ABŞ-nyň prezidentiniň öňki beýanatyna görä, täze girizilen gümrük pajynyň bir bölegini yzyna almak mümkinçiligi diňe awtoulaglaryny ABŞ-nyň içinde ýygnap taýýarlaýan öndürijilere degişli bolar.
Tramp tarapyndan ozal girizilen alýumin we polat bilen baglanyşykly goşmaça gümrük paçlary awtoulag şaýlaryna degişli bolmaz. Munuň maksady – şol bir zada iki gezek salgyt salynmagynyň öňüni almakdyr. Bu kadadan çykmalary pudagyň wekilleriniň şikaýatlaryna jogap hökmünde, Ak tamyň ýolbaşçysy birnäçe gün ozal habar beripdi. Emma Tramp bu ýeňilligi diňe «gysga wagtlyk geçiş döwrüniň» çäginde kömek hökmünde düşündirdi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......