Green Card DV-2026 lotereýasynyň netijeleri çap edildi

  • 05.05.2025 00:09
  • 14k+

ABŞ-nyň Döwlet departamenti «Diversity Immigrant Visa Program» (DV-2026) maksatnamasynyň, ýagny Green Card lotereýasynyň netijelerini çap etdi.

Arza tabşyranlar netijeleri şu resmi web salgysy arkaly barlap bilerler. Barlamak üçin, hasaba alnan wagtyňyzda size berlen tassyklaýyş belgisini, şeýle-de familiýaňyzy we doglan ýylyňyzy girizmeli.
DV maksatnamasy her ýyl geçirilýär. Oňa gatnaşanlara ABŞ-da ýaşamak üçin immigrant wiza almaga mümkinçilik berilýär. Ýeňijiler kompýuter arkaly tötänleýin kesgitlenýär.
Her ýyl DV maksatnamasynyň çäginde 55 müňe çenli wiza berilýär. Şeýle-de belläp geçsek, lotereýa dünýäniň dürli künjeklerinden millionlarça adamyň gatnaşýandygy sebäpli, immigrant wiza almak ähtimallygy gaty pes bolup durýar.


düýn 20:25
8.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5.3k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.5k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......