Jeff Bezos Amazon-yň 4,75 mlrd dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär

  • 04.05.2025 19:52
  • 3k+

Jeff Bezos 2026-njy ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli Amazon kompaniýasynyň 4,75 milliard dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasynyň (SEC) habaryna görä, ol jemi 25 million gymmatly kagyz satar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Bu habar Amazon kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça girdeji hasabatyny mälim edeninden birnäçe sagat soň ýüze çykdy. Korporasiýanyň girdejisi 9% artdy we 155,7 milliard dollara ýetdi, arassa girdejisi bolsa 17,1 milliard boldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň girizen gümrük paçlary sebäpli, Amazon-yň internet dükanyndaky bahalar apreliň başynda ýokarlandy. Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy bolsa, tersine, aşaklady. Sebäbi Trampyň girizen paçlarynyň telekeçilige oňaýsyz täsir edip biljekdigi barada aladalar ýüze çykdy.
Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, Bezos dünýäde Ilon Maskdan soň ikinji iň baý adam bolup durýar. Onuň umumy baýlygy 212 mlrd dollar diýlip çaklanylýar. Ol 2024-nji ýylda Amazon-yň 13,4 mlrd dollarlyk paýnamasyny satypdy.
2002-nji ýyldan bäri, Bezos öz taslamalaryna (Blue Origin kompaniýasy) maýa goýmak we öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin (500 mln dollarlyk «Koru» atly superýahta ýaly), takmynan, 30 milliard dollarlyk paýnama satdy. 2023-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ol kompaniýanyň paýnamalarynyň, takmynan, 10%-ne eýeçilik edýär.


12.03.2026 07:31
7.5k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

03.03.2026 13:28
634

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...